Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri paýtagtymyzda ýangyn-amaly sporty boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki bölümleriň işgärleri gatnaşdylar.
Bäsleşik dört şert boýunça geçirildi. Şertleriň ilkinjisinde oňa gatnaşyjylar 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Ikinji şertde olar okuw minarasynyň dördünji gatyna zabt ediş merduwany bilen galdylar. Üçünji şertde gatnaşyjylar 400 metr päsgelçilikli aralygy estafetalaýyn geçdiler. Bäsleşigiň jemleýji şertinde bolsa okuw minarasynyň üçünji gatyna zabt ediş merduwany bilen galdylar.
Welaýatymyzyň ýangyn söndürijileri bu şertleriň ählisiniň hötdesinden üstünlik bilen gelmegi başardylar. Gazanan ýeňşi üçin olara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Lebaply ýangyn söndürijiler döwlet bäsleşiginde birinji orny eýelediler
21
Oct
