SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply woleýbolçylar Türkmenistanyň çempiony boldular

Lebaply woleýbolçylar ýakynda Mary şäherinde 2008 ― 2009-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ähli bäsdeşlerinden rüstem çykyş edip, birinji orna mynasyp boldular. Bu ýaryşda welaýatymyzyň ýygyndysyny Türkmenabat şäherindäki 9-njy we 10-njy sport mekdepleriniň türgenleri düzdi.
Milli çempionata paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň sebitlerinden 7 topar gatnaşdy. Paýtagtymyza, Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň her haýsyna bir topar wekilçilik eden bolsa, ýer eýeleri ― Mary welaýatynyň türgenleri üç topar bolup gatnaşdylar.
Her bir duşuşygy çekeleşikli we örän gyzykly geçen ýaryşda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Jankulyýew bilen uly tälimçi Gurbandurdy Şükürowyň şägirtleri ähli bäsdeşlerini 3:0 hasabynda ýeňip, 100 göterimlik netije görkezdi. Lebaply woleýbolçylardan Altybaý Durdykulyýew tutuş ýaryşyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edilen bolsa, Maksut Babamuradow, Allanur Meredow dagylar hem şahsy baýraklara mynasyp boldular.