Düýn ― 14-nji martda Daşoguz şäherinde 2008-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. Oňa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 9-njy we 10-njy sport mekdepleriniň türgenlerinden ybarat ýygyndysy hem gatnaşdy.
Paýtagtymyzdan we ähli welaýatlardan gatnaşan 6 ýygyndynyň arasynda lebaply woleýbolçylara taý tapylmady. Olar bäsdeşleriniň ählisinden üstün çykyp, ýaryşda birinji orny eýelediler. Ikinji orna Mary welaýatynyň, üçünji orna bolsa Aşgabat şäheriniň türgenleri mynasyp boldy.
Lebaply woleýbolçylary bu abraýly ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Jankulyýew bilen uly tälimçi Gurbandurdy Şükürow taýýarlady.
Ýaryşda lebaply woleýbolçylar şahsy baýraklaryň hem birnäçesine mynasyp boldular. Şeýle baýraklara garşydaş toparyň hüjümlerini petikleýji Maksut Babamyradow, oýun gurnaýjy Arslan Seýtiýew we hüjümçi Mahur Arslanow dagylar mynasyp görüldi.
Lebaply woleýbolçylar Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldular

15
Mar