Lebap welaýatynyň topary 2007-nji ýylda we ondan hem soň doglan ýetginjekleriň arasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy.
Milli ýaryş Aşgabat şäherinde geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinden, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan bir, Ahal welaýatyndan bolsa iki topar gatnaşdy.
Lebaply woleýbolçylar ilkinji duşuşygynda Daşoguz welaýatyndan gelen garşydaşlaryny 3:0, soňra Ahal welaýatynyň birinji toparyny hem 3:0, paýtagtly woleýbolçylary 3:1 hasabynda ýeňdiler. Çempiony kesgitlejek aýgytlaýjy duşuşykda bolsa bolsa Ahal welaýatynyň ikinji toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar.
Ýaryşda ikinji orny paýtagtymyzyň, üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň birinji
topary eýeledi.
Lebaply woleýbolçylar milli ýaryşda ýeňiji boldular

13
Jan