Paýtagtymyzda sportuň uşu görnüşi boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan türgenler gatnaşdylar.
Olaryň arasynda mekdebimiziň tejribeli tälimçisi Ruslan Çöliýewiň tälim berýän türgenleri hem bar. Olar şahsy görnüşde geçirilen ýaryşda dürli ýaş aýratynlyklary boýunça başarnyklaryny görkezdiler.
Netijede oglan-gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Ogulgerek Mamedowa bilen Aýlara Süleýmanowa birinji, Jasurbek Ahmedow, Selbi Aliýewa, Sewinç Ibadullaýewa, Saniýa Alişerowa dagy ikinji orunlary eýelediler. Türgenlerimiziň 11-si bolsa milli birinjilikden kümüş medallar bilen dolanyp geldiler.
Lebaply uşuçylar Aşgabatda geçirilen ýaryşda öňdäki orunlaryň birnäçesini eýelediler
26
Jan
