Tamamlanyp barýan okuw ýylynda has saýlanyp okan uçurymlar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinden uçurym bolýan ýaşlar hem bar.
25-nji maýda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň öňünde geçirilen “Soňky jaň” dabaralarynyň çäklerinde olara döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda uçurym ýaşlar mundan beýläk hem yhlasly okap, ýurda ak ýürek hyzmat etjekdiklerine ynandyrdylar.
Lebaply uçurymlaryň bir toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy

28
May