SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgenleriň ikisi jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

Lebaply türgenleriň ikisi Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Welaýatymyzyň wekilleri Hakberdi Jumaýew bilen Zyba Orunowanyň gazanan ýeňişleri Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň umumy netijesine saldamly goşant goşdy.
Döwletli etrabyndan tälimçi Hakberdi Jumaýew jiu-jitsunyň «Full contact» görnüşi boýunça 62 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny eýeledi. Farap etrabyndaky sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Zyba Orunowa bolsa 63 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň türgenleri jemi 42 medal gazandylar. Şolaryň 14-si altyn medallardyr.