SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgenler ýene-de dört medal gazandylar

Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda Lebap welaýatynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna ýene dört medal getirdiler.

 Olaryň hemmesi hem bürünç medallardyr. Olaryň üçüsi bolsa erkin göreşden gazanyldy. Medallaryň birini 50 kilogram agramda çykyş eden Selbi Zahirowa gazandy. Selbi Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde erkin göreşden tälim berýän Zafar Nuraliýewiň şägirdi. Ikinjisini hem şu mekdepde Umid Hallyýewiň elinde türgenleşýän Mekan Hudaýberenow (62 kg) getirdi. Saýatly Söhbet Naryýew 38 kilogram agramda çykyş edip, üçünji orna mynasyp boldy. Ol Saýat etrabynyň 3-nji sport mekdebinde tälimçi Jeýhun Jumagylyjowyň elinde tälim alýar.

Sabina Kasymjanowa bolsa 1500 metr aralyga ylgamakda üçünji orny eýeledi. Ol ozal 3000 metr aralygy hemmelerden öň geçip, altyn medala mynasyp bolupdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: