SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgenler suwda pökgi oýnamak boýunça Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldular

Golaýda Mary şäherinde sportuň suwda pökgi oýnamak görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň hem-de ähli welaýatlaryň toparlary gatnaşdylar. Bäsleşikleriň netijeleri boýunça Lebap welaýatyndan gatnaşan topar üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň ýeňijisi boldy.
Topar tälimçi Erkin Nowruzowyň ýolbaşçylygynda çykyş edip, ýokary netije görkezdi. Onuň şägirtleri Zakir Şeripow, Ilgiz Týuýebaýew, Umitjan Öräýew, Seýitjan Bäşimow, Astan Açilow, Arslan Açilow, Daýanç Rustamow, Dmitriý Podçilimow, Sanjar Ergaşow, Döwran Perhadow, Muhammet Akmyradow, Arslan Şerapow, Roman Nurullaýew hem-de Bahtyýar Jumakulyýew Türkmenistanyň sportuň suwdaky görnüşleri boýunça federasiýasynyň Hormat hatlary, medallary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanyldylar.