Lebaply türgenler gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular
2-nji noýabrda Aşgabatda şu ýyl halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenleriň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Olaryň 6-sy lebaply türgenlerdir.
Olaryň arasynda kuraş boýunça Aziýanyň çempiony Aýşirin Haýdarowa, Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Wepa Awliýakulyýew, agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony Süleýman Jafarow, ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony Jasurbek Ahmedow, şol ýaryşyň kümüş medalynyň eýesi Serdar Bekenow we 8, 10 hem-de 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda küşt boýunça geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Aýa Baýramowa dagylar bar.