Türkmenistanly türgenler Belarusda geçirilen GDA-nyň II oýunlarynda 18 medal gazandylar. Bu üstünlige lebaply türgenler bäş medal bilen goşant goşdular.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, dzýudo boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmenabat şäheriniň 10-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Dilara Kandymowa 40 we Çärjew etrabynyň 45-nji ýoriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Nasiba Narymanowa 63 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.
Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň türgeni, şu ýyl Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdepden uçurym bolan, türgenleşiklerini şäherdäki 8-nji sport mekdebinde alyp barýan Yhlas Bagtyýarow bolsa boks boýunça geçirilen ýaryşlarda 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Tejribeli tälimçi Babamyrat Rozyýewiň ilkinji halkara ýaryşyndan üstünlik bilen dolanan şägirdi indi halypasynyň ýolbaşçylygynda Aziýa çempionatyna taýýarlyk görer. Yhlasyň öz agram derejesinde ýurdumyzyň üç gezek çempiony bolandygyny hem habar berýäris.
Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Madina Aýdogdyýewa bolsa sambo boýunça zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Madinanyň sportuň sambo we jui-jitsu görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň ozal hem birnäçesinde ýeňiji bolandygyny ýatladýarys.