SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgenler fijital sport boýunça milli ýaryşa gatnaşýarlar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýygyndy toparlary şu gün  başlanan Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän fijital sport boýunça milli ýaryşa gatnaşýarlar.

Meýilnama görä, 1 ― 3-nji aprel aralygynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fijital-basketbol, fijital-karate-do, fijital-stol tennisi we fijital-futbol ýaryşlary geçiriler. 4 ― 6-njy aprel aralygynda fijital sportuň ýokardaky görnüşleri boýunça geçiriljek ýaryşlara bolsa umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşar.

Ýaryş bilen ugurdaşlykda bu baýry ýokary okuw mekdebinde dürli maslahatlar we hepdelikler geçiriler.

Fijital sport (hereketli-sanly sport) – sportuň toplumlaýyn görnüşi bolup, türgen ýekelikde ýa-da toparlaýyn sportuň belli bir görnüşi boýunça hereketli hem sanly wirtual dünýäde garşydaşy bilen bäsleşýär. Ol «physical» we «digital» diýen iňlis sözleriniň birigmeginden dörän «hereketli-sanly sport» diýen manyny berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: