SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgeni jiu-jitsu boýunça dünýäniň wise-çempiony boldy

Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň işgäri Rahmet Taganow Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Ýaryşa 58 ýurtdan 1100-e golaý türgen gatnaşdy.
Türkmen türgenleri dünýä çempionatynda 3 altyn, 10 kümüş we 12 bürünç medal gazandylar. Zenanlaryň arasynda Ýolöten etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Hurma Abdyýewa jiu-jitsunyň iki görnüşi boýunça altyn medal gazandy. Erkekleriň arasynda 69 kilogramda çykyş eden Seýdylla Akmämmedow hem ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň baýdagyny ýokary galdyrdy. Şeýle hem birnäçe talyp we dürli sport merkezleriniň wekilleri kümüş we bürünç medallary almak bilen üstünlikli çykyş etdiler.
Parahat Rahmanow, Suraý Gökgäýewa, Yslam Öwezow, Marýam Wafaýewa, Mälikberdi Begiýew, Agasapar Muhadow, Yslam Rejepow ýaly türgenleriň gazanan medallary ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň diýen ýaly ähli ugurlarda üstünlik gazanandygyny görkezdi. Ýaryşda ýurdumyzyň türgenleriniň umumy 25 medal almagy jiu-jitsu boýunça dünýä derejesindäki bäsleşikde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterdi.