- ESASY HABARLAR, SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply türgen üçünji orunda

2020-nji ýylyň 8 — 12-nji fewraly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça geçirilen 6-njy halkara raýdaşlyk çempionatynda («Tokio 2020» tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşda) lebaply türgen Seýitjan Mirzaýew üstünlikli çykyş etdi. Bu barada TDH agentligine salgylanyp, «Turkmenportal» habar berýär.

Seýitjan Mirzaýew Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi bolup işleýär. Ol 61 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 130 kilogram agramlygy silterläp göterdi we öňe saýlandy. 150 kilogram agramlygy bolsa itekläp göterdi we 4-nji orny eýeledi. Umumy hasapda 280 kilogram görkeziji bilen Seýitjan bürünç medala mynasyp boldy.

Bu ýaryşlara 37 ýurtdan 116 türgen gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda 8 türgen çykyş etdi.