Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Rahmet Taganow Italiýanyň Rim şäherinde jiu-jitsu boýunça geçirilen Ortaýer deňziniň açyk gran-pri ýaryşyndan medally dolandy. 69 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden lebaply pälwan iki medal gazandy.
Has takygy, ol bu ýaryşda master ne-waza görnüşinden altyn, ne-waza görnüşinden hem kümüş medaly ýurdumyzyň ýygyndysynyň üstünlikleriniň sanawyna goşdy.
Ýeri gelende aýtsak, 13 — 15-nji iýun aralygynda geçirilen halkara ýaryşda türkmen ýygyndysynyň wekilleri özleriniň üstünlikli çykyşlary bilen 10 altyn, 8 kümüş, 7 bürünç, jemi 25 medal gazandylar.
Italiýanyň paýtagtynda geçirilen açyk gran-pri ýaryşyna dünýäniň 23 ýurdundan 840 türgen gatnaşdy.
Lebaply türgen jiu-jitsu boýunça halkara ýaryşda iki medal gazandy

18
Jun