SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply tennisçiler Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşdylar

Lebap welaýatyndan gatnaşan tennisçiler Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda mynasyp çykyş edip, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen güýçli garşydaşlaryň arasynda tutanýerliligini görkezdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda geçirilen we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu ýaryşda Lebapdan çykyş eden türgenleriň arasynda Didar Wepamyradow aýratyn tapawutlandy. Ol aýgytly tapgyrlara çenli üstünlikli öňe ilerläp, güýçli duşuşyklarda öz taýýarlygyny görkezdi.
Didar Wepamyradow ýaryşyň dowamynda birnäçe garşydaşyny ýeňip, ýarym finala çenli baryp ýetdi. Bu tapgyrda ol Mary welaýatyndan Allanur Daýanjowa garşy duşuşyp, dartgynly geçen oýunda 6:4, 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Şeýle-de üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Meýlis Orazmuhammedow bilen güýç synanyşyp, 6:3, 6:4 hasaby bilen utulsa-da, Lebap welaýatynyň wekili hökmünde abraý bilen çykyş etdi. Lebaply türgenleriň bu ýaryşdaky çykyşlary welaýatymyzda tennis sportuna bolan gyzyklanmanyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.