Lebaply tennisçi Aşgabadyň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş etdi
Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň türgeni Ali Geldiýew tennis boýunça geçirilen Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.
Çempionata Lebap welaýatyndan ýaş türgenleriň 10-sy gatnaşdy.
Şahsy görnüşde erkekleriň arasynda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça lebaply Ali Geldiýew ikinji baýrakly orny eýeledi.
Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlarda bolsa ol Aşgabat şäherinden Begençgeldi Hümmedow bilen bilelikde çykyş edip, birinjiligi gazandy.