Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Lebaply telekeçileriň eksporta iberýän harytlarynyň mukdary artýar

Feb 11, 2021

Geçen ýyl lebaply telekeçileriň eksorta iberen pomidorlarynyň umumy bahasy 3 million 443 müň amerikan dollaryna ýakyn boldy. Eksorta ugradylan önüm telekeçileriň 16-syny paýyna düşýär.
Ýaşyl mäşi ýerlemekden alnan gyzyl pul bolsa ABŞ-nyň 418,5 müň dollaryna ýakynlady. Eksport edilen önümleriň sanawynda noýbanyň, gara jöwen, iýmlik dary, ýorunja tohumy we beýlekiler bar. Diňe iýmlik darynyň bahasy 215, 5 amerikan dollaryndan geçdi.
Eksporta ugratmakda «Altyn bürgüt», «Mizemez», «Bäş nur», «Bereketli jaý», «Ahmet-Haýdar», «Nurýagdy», «Altyn gül», «Käriz», «Aýdyň maksat» we beýleki kärhanalar, hususy telekeçileriň birnäçesi işjeňlik görkezdiler.
Senagat harytlaryny daşary ýurtlara iberýän hususy kärhanalaryň sany hem barha artýar. Hususyýetçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyň içerki önümdäki paýy 70%-e ýetdi. Geljekde bu görkezijiniň ýene-de galmagyna garaşylýar.

Leave a Reply