Lebaply telekeçileriň eksport bazary giňeýär
Soňky ýyllarda lebaply telekeçileriň hem eksporta ugradýan önümleriniň möçberi yzygiderli artýar. Eksporta iberilýän önümleriň ortaça bahasy onlarça million dollardan hem geçýär.
Hususyýetçilerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän forumlardyr sergilere hem işjeň gatnaşýarlar. Eksport milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde esasy orny eýeleýär.
Hususyýetçileriň eksporta ugradýan harytlarynyň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, nah ýüplük, senagat garyndy suwuklygy agdyklyk edýär. Azyklyk önümlerimiz hem ekologiýa taýdan arassalygy bilen uly islege eýe bolýar. Welaýatymyzyň telekeçileriniň öndüren önümleri Özbegistan, Türkiýe, Belarus, Owganystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Hytaý döwletlerine köp iberilýär.