JEMGYÝET

Lebaply telekeçilere pensiýa gatançlaryny tölemelidigi ýatladylýar

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hususy telekeçilere 2025-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlary boýunça hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berdi. Bu talap telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlara degişlidir.
Türkmenistanyň «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyryşy hakynda» Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda hökmany pensiýa töleglerini tölemelidirler. Pensiýa gaznasy telekeçileri bellenen möhletlere berk eýermäge çagyrýar.