JEMGYÝET

Lebaply telekeçiler geçen dokuz aýda 211 tonnadan geçirip şöhlat öndürdiler

Lebaply telekeçiler üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynda 211 tonnadan geçirip şöhlat we şöhlat önümlerini öndürdiler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende, 110,5 tonna gowrak köpdür.

Welaýat boýunça şöhlat we şöhlat önümlerini öndürmek bilen 13 telekeçi meşgullanýar.Söwda nokatlaryna ugradylan  önümiň 76,8 tonnasy telekeçi Sergeý Kulýapiniň paýyna düşýär. 54,5 tonna ýakyny «Lebap et önümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde taýýarlanyldy. Bu jemgyýetiň geçen ýylky görkezijinden 11,5 tonna ýakyn köpdür. Telekeçi Samandar Mustapakulow 3,45 tonna önümi söwda nokatlaryna ugratdy. Geçen ýyl dokuz aýda 2,67 tonna önüm öndürmegiň hötdesinde gelipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: