YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler etiň öndürilişi artdyrýarlar

Lebaply telekeçiler ýylyň başyndan bäri 68,34 tonna  mal etini öndürdiler. Bu geçen ýylyň dört aýy bilen deňeşdirende, 1,44 tonna köpdür. Önümiň 15,25 tonnasy bolsa aprel aýynda öndürildi we söwda nokatlaryna ugradyldy.

Aýry-aýry telekeçiler bu işe has-da saldamly goşant goşdular. Mysal üçin, telekeçi Alişer Sultanowyň tabşyran eti 8 tonnadan geçdi. Alymbaý Kerimow ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan bu önümiň 5,6 tonnasyny, Jorakuly Hemraýew 4 tonnasyny, Suhrap Allakulyýew 3,6 tonnasyny dükanlara we bazarlara çykardylar.

Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginde zähmet çekýän raýatlar mallaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda hem aladalanýarlar. Häzir olar et üçin ösdürilip ýetişdirilýän iri şahly mallaryň 522-sine ideg edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: