YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler azyk önümlerini öndürmegiň möçberini ýokarlandyrýarlar

Lebaply telekeçiler eti gaýtadan işlemegiň mukdaryny görnetin artdyrdylar. Geçen ýyl söwda  nokatlaryna 281,5 tonna şöhlat we şöhlat önümleri iberildi. Bu ondan öňki ýyldakysyndan 155 tonna köpdür. Onuň üçden bir bölegini diýen ýaly — 94,5 tonnasyny geçen ýyl eti gaýtadan işlemegi ýola goýan telekeçi Sergeý Kulýapin öndürdi. Aýymjan Rawşanowanyň önümhanasyndan dükanlara we bazarlara bu önümiň 69 tonnasy iberildi. Bu onuň 2020-nji ýyldakysyndan 19,7 tonna kändir.

Geçen ýyl söwda nokatlaryna telekeçileriň öndüren ýumurtgalarynyň 8 million 141 müň 800 sanysy iberildi. Bu 2020-nji ýyldakysyndan 2 million 903 müň 800 sany köpdür.

Telekeçiler dükanlara we bazarlara 409,78 tonna konditer önümlerini iberdiler. Bu 2021-nji ýylda ondan öňki ýyldakysyndan 121,5 tonna ýakyn köp öndürilendigini aňladýar.

Alkogolsyz içgileriň öndürilişi 728,59 müň dekalitri öndürildi. Deňeşdirmek üçin: 2020-nji ýylda bu görkeziji 657,58 müň dekalitre barabardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: