YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler 156 tonna ýakyn guş etini öndürdiler

Lebap welaýatynyň telekeçileri geçen bäş aýda 156 tonna ýakyn guş etini öndürdiler. Onuň hemmesi diýen ýaly iki telekeçiniň paýyna düşýär.
Saýatly telekeçi Aksoltan Hajyýewanyň alyjylara hödürlän guş etiniň mukdary 85 tonna barabar boldy. Şeýlelikde, ol geçen ýylky görkezijisinden iki esse gowrak önüm artyk taýýarlady. Has takygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende, 47,5 tonna guş etini köp öndürdi. Satuwa çykarylan guş etiniň 71 tonna ýakynyny bolsa telekeçi Ahmet Aliýewe degişli «Atamyrat Ali» daýhan hojalygynda öndürdiler. Bu daýhan hojalygyň geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijisinden 5 tonna ýakyn köpdür.
Ýylyň başyndan bäri telekeçiler tarapyndan 3 million 14 müňden gowrak ýumurtga söwda nokatlaryna ugradyldy. Olaryň 3 milliony Çärjew etrabynda hereket edýän Aýjemal Seýliýewa degişli «Eşret» daýhan hojalygynda öndürildi. Bu telekeçiniň geçen ýylyň bäş aýynda öndüreninden 1 million 950 müň köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: