Lebaply teatr ussatlary festiwala gatnaşar
Şu ýylyň 18―20-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna ― TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň ikinji teatr festiwaly geçiriler. Oňa Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry hem gatnaşar.
Häzirki günlerde teatryň döredijilik topary festiwala ýokary derejede taýýarlyk görýär. Has takygy, festiwala ildeşlerimiz «Gelin ýörişi» atly sahna eseri bilen gatnaşarlar. Bu eseriň edebi esasyny ýazan we sahnalaşdyran teatryň baş režissýory Perhat Hudaýberenowdyr.
Sahna eserinde baş gahrymanyň keşbini welaýat çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Jemal Saparowa ýerine ýetirýär. Şeýle-de eserde Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejebow hem-de Şöhrat Illiýew, Bagsere Röwşenowa ýaly sahna ussatlary dürli keşpleri janlandyrýarlar.
Halkara festiwal türki dilli halklaryň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky tejribe mekdebine hem öwrüler.