MEDENIÝET

Lebaply talyplar sungatyň alty görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda  ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli talyplary hem gatnaşdylar.

Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň 1 ― 3-nji ýyl talyplarynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10 ― 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik türkmen milli, kirişli, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano bagşy we ýekelikde aýdym aýtmak ýaly ugurlary öz içine aldy. Bäsleşigiň birinji tapgyry degişlilikde welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinde, ikinji tapgyry bolsa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde geçirildi.

Bäsleşikde mekdebimiziň bagşyçylyk bölüminiň 1-nji ýyl talyby Esen Atamyradow ikinji, kirişli saz gurallary bölüminiň skripka hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nargis Karimowa bilen fortepiano bölüminiň 3-nji ýyl talyby Ata Gaýypow üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Diplomlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: