MEDENIÝET

Lebaply talyplar Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen bäsleşikde baýrakly orunlara eýe boldular

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynda ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny» atly bäsleşik geçirildi. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, döredijilige höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary öňdäki orunlary eýelediler.
Hünär ugurlarynyň 10-syny öz içine alan bäsleşikde talyplar iki tapgyrda öz başarnyklaryny görkezip, asuda, parahat, abadan ýurdumyzy wasp edýän ajaýyp eserleri ýerine ýetirdiler.
Netijede welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary baýrakly orunlaryň 6-syna we Hormat hatlarynyň 2-sine mynasyp boldular. Has takygy, mekdebiň türkmen milli saz gurallary hünäriniň talyby Merdan Ismailow, ýekelikde aýdym aýtmak hünärinde okaýan Enejan Sarsynowa, saz mugallymçylygy hünärinden Maýa Nurýagdyýewa we bu ýerde hor dirižýorlygy boýunça hünär alýan Akmaýa Rahmanowa dagy ikinji orna mynasyp boldular. Fortepiano hünäriniň talyby Batyr Joraýew bilen kompozisiýa ugry boýunça okaýan Akjemal Seýitkulyýewa üçünji orny eýelediler. Bagşyçylyk sungaty we türkmen milli saz gurallary hünärinde bilim alýan Aýnazar Amanow bilen Husniddin Goçkarow dagy bolsa Hormat hatlary
bilen sylaglanyldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: