BILIM

Lebaply talyplar Maliýe instituty tarapyndan geçiriljek olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly onlaýn-olimpiadasynyň geçirilýändigi barada habar berýär.
Olimpiadanyň test soraglary bitaraplygyň taryhy kökleri; türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlyklary; “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we onuň nyşany; halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty ýaly mowzuklara esaslanar. Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär. Her bir ýokary okuw mekdep 5 talyby hödürläp biler. Olar bir sagadyň dowamynda 60 sany test soraglaryna dogry jogap bermegi başarmaly. Onlaýn-olimpiada 17-nji martda sagat 15:00-da başlap, oňa Türkmenistanyň döwlet maliýe institutynyň sanly platformasy arkaly gözegçilik ediler.
Olimpiada gatnaşjak talyplaryň sanawyny we olar baradaky maglumatlary guycmyratsoltanmyradow@gmail.com elektron salgysyna 15-nji marta çenli ugratmaly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: