Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan 15–16-njy aprelde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika boýunça IV olimpiada geçiriler. Bu bäsleşige Lebap welaýatynyň talyplary hem giňden gatnaşmaga çagyrylýar. Gyzyklanma bildirýänler 10-njy aprele çenli degişli maglumatlaryny guramaçylyk toparynyň hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ibermelidir. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde «Moodle» platformasy arkaly onlaýn görnüşde geçiriler we oňa ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda bilim alýan ähli talyplar gatnaşyp bilerler.
Şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriljek olimpiadada gatnaşyjylara algoritmik programmirleme, maglumatlary seljermek, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça 10 sany ýumuş berlip, olary ýerine ýetirmek üçin 120 minut wagt bölünip berler. Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar. Dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýän bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň intellektual ösüşine itergi bermekde hem-de geljekki hünär saýlamagyna ýardam etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Goşmaça maglumatlary uniwersitetiň resmi internet sahypasyndan ýa-da görkezilen telefon belgileri arkaly alyp bolýar.
Lebaply talyplar informatika boýunça olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar
25
Mar

