BILIM

Lebaply talyplar hytaý dili boýunça bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen “Hytaý dili köprüsi” atly 25-nji Bütindünýä bäsleşiginiň seçip alyş tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bäsleşige institutyň “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili)” hünäriniň IV ýyl talyplary Gunça Mawlýanowa we Şeker Şanazarowa gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijesinde lebaply talyplar Gunça Mawlýanowa hem-de Şeker Şanazarowa III orna mynasyp boldular. Olara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu üstünlik Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda daşary ýurt dillerini öwretmek, ýaşlaryň halkara medeni-bilim gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyny gazanmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.