BILIM

Lebaply talyplar himiýa boýunça halkara bäsleşige gatnaşarlar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda 15–17-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyndaky himiýa boýunça IV halkara olimpiada geçiriler. Bäsleşikde gatnaşýanlar «A» we «B» toparlara bölünip, degişli ugurlarda çykyş ederler. «A» topar himiýa hünärinde okaýan talyplary, «B» topar bolsa beýleki ugurlaryň
talyplaryny öz içine alar. Her ýokary okuw mekdepden dört talyp we bir ýolbaşçy gatnaşyp biler. Olimpiadanyň ýumuşlary organiki, fiziki, organiki däl we seljerme himiýa boýunça taýýarlanylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar. Olimpiada ýaşlaryň ylmy başarnyklaryny ösdürmäge, innowasion pikirleri öňe sürmäge we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle hem şol günlerde «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat utgaşykly görnüşde guralar. Oňa
Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag institutlaryndan alymlar, professorlar we mugallymlar gatnaşarlar.