BILIM

Lebaply talyplar halkara matematika olimpiadasynyň ýeňijileri boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary ýurdumyzyň talyplarynyň ýygyndy toparynyň hatarynda şu aýyň birinji ongünlüginde Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde Günorta-Gündogar Ýewropa döwletleriniň uniwersitetleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Halkara olimpiada ýurdumyzdan Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebiniň
wekillerinden başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar,
Ýagşygeli Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetleriniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutlarynyň talyplary gatnaşdy.
Bu olimpiada biziň döwletimiz bilen bir hatarda Albaniýa, Bolgariýa, Serbiýa, Rumyniýa, Gresiýa, Demirgazyk Makedoniýa Respublikalaryndan 35 sany ýokary okuw mekdeplerinden düzülen toparlarda 150-den gowrak talyp çykyş etdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada özleriniň zehinlerini görkezip jemi 26 medala, ýagny 3 altyn, 10 kümüş, 13 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Medine Ödaýewa baş baýragy eýeledi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda halkara olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglandyryş dabarasy boldy. Aýdym-sazly dabaraly çäräniň dowamynda halkara olimpiada talyplary taýýarlan mugallymlara we altyn, kümüş we bürünç medallaryny eýelän zehinli talyplara Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: