Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplar topary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen «Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek» diýen ugur boýunça hakaton bäsleşiginde üçünji orny eýeledi.
Bäsleşik programmirleme arkaly daşary ýurt dillerini okatmagyň ýeňilleşdirilen usullaryny döretmek üçin oňaýly IT-çözgütleri tapmaga gönükdirilendir.
Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň talyplary gatnaşyp, sanly tehnologiýalar ulgamynda öz bilimlerini we ukyplaryny giňden görkezdiler. Çärä gatnaşyjylar üçin hakaton bäsleşigi görkezilen ugur boýunça täze pikirleri we çemeleşmeleri döretmek hem-de amala aşyrmak ugrunda täsirli gural we netijeli meýdança öwrüldi.
Türkmenabatdaky baýry ýokary okkuw mekdebiniň topary üçünji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň talyplar toparlary bilen paýlaşdy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Lebaply talyplar hakaton bäsleşiginde üçünji orny eýelediler

15
Nov