BILIM

Lebaply talyplar biologiýa boýunça olimpiada çagyrylýar

20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa boýunça III halkara internet olimpiadasy geçiriler.
Olimpiada gatnaşjaklary hasaba almak 10-njy noýabra çenli dowam edýär.
Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň
olimpiadada çykyş etmek isleýän talyplary Lukmançylyk uniwersitetiň saýtynda gatnaşmak üçin ýüz tutmany doldurmalydyrlar.
Hasaba alnan talyplara olimpiada çenli bir gün galanda olaryň görkezen
elektron salgysyna gatnaşmak üçin login we parol ugradylar.
Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli bölümleri boýunça testler
hem-de mysallar görnüşinde taýýarlanyldy. Şolary ýerine ýetirmek üçin
talyplara 150 minut wagt berler.                                                                         

Goşmaça maglumatlary türkmen ýokary okuw mekdebiniň saýtyndan,
şeýle hem +993-12-48-99-32; +993-63-58-51-11 telefon belgileri
we tdlu.iolimp@gmail.com elektron salgysy boýunça alyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: