Lebaply talyplar abraýly olimpiadanyň ýeňijileri boldular
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan
geçirilen himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular.
«A» we «B» derejelerinde geçirilen olimpiadanyň «A» derejesinde
Türkmenabatdaky baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby Nariman Nyýazow
bürünç medala mynasyp boldy. «B» derejesinde bolsa Serdar Myradow kümüş,
Gülşat Ereşowa bürünç medalyň eýeleri boldular.
Halkara olimpiada dünýä döwletleriniň ençemesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Derejeleriň her birinde 120-den gowrak talyp bäsleşdi.