BILIM

Lebaply talyp halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň takyk bilimleri fakultetiniň matematika we informatika hünäriniň ikinji ýyl talyby Gurtgeldi Hanow Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) we Respublikanyň Amerikan uniwersitetiniň (American University in Bulgaria) bilelikde guramagynda geçirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky 31-nji Halkara matematika bäsleşiginde bürünç medala mynasyp boldy.

Bäsleşikde türkmenistanly ýaşlar bilen bir hatarda dünýäniň 59 döwletinden 401 talyp çykyş etdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy hasapda 3 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medallara we 8 höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: