MEDENIÝET

Lebaply sungat we döredijilik işgärleri Medeniýet hepdeligine gatnaşarlar

22-nji iýunda Arkadag şäherinde başlanjak Medeniýet hepdeligine Lebap welaýatyndan hem sungat ussatlary we döredijilik işgärleri gatnaşar.

Welaýat neşiri şu günki sanynda Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowanyň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanowyň hepdeligiň çäklerindäki konsertde çykyş etjekdiklerini habar berdi.

«Jeýhun.news»-a mälim bolşy ýaly, hepdelige döredijilik işgärleri hem gatnaşar. Şu ýyl hepdelige gatnaşmak üçin lebaply döredijilik işgärleriniň üçüsi guramaçylyk toparyndan çakylyk aldy. Olar şahyrlar Agamyrat Soltanow, Zergül Ylýasowa we edebiýatçy alym Baýram Akadowdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: