Lebaply sazanda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna taýýarlyk görýär
Lebaply sazanda Akmyrat Hoşyýew «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna «Alagaýyşly» atly türkmen halk sazy bilen gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada sazanda barada welaýat neşirinde ýazylan makalada habar berildi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Akmyrat bu bäsleşigiň Lebap welaýaty boýunça tapgyrynyň ýeňijileriniň biri. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan şu ýyl uçurym bolup, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde işe başlady.
Akmyrat Hoşyýew bäsleşigiň welaýat tapgyrynda «Dag arman» halk sazyny ussatlyk bilen çalyp, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.