Lebaply samboçylar halkara ýaryşyň ýeňijileri boldular
Şu ýylyň 2 — 10-njy fewraly aralygynda Minsk şäherinde sambo boýunça Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşa biziň ýurdumyzyň türgenleri hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen ýygyndysy jemi 15 — 4 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medal gazanyp, umumy toparlaýyn bäsleşikde 3-nji orny eýeledi.
Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň pälwan gyzlary hem ýaryşda 1 kümüş, 2 bürünç medala eýe bolup, milli ýygyndymyzyň nobatdaky üstünligine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Ýagny, Aziza Nazarowa 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ikinji orny eýeledi. Şeýle hem şu agram derejesinde ýeňiş gazanan türgenleriň ýene-de biri Bägül Nuryýewadyr. Ol ýaryşda 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Türgenleriň ýene-de biri Saodat Işmuradowa 80 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.
Pälwan gyzlary ýaryşa mekdebiň tälimçileri Baýramdurdy Halyllaýew, Serdar Açilow we Furkat Mametkulyýew taýýarladylar.