SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply samboçylar Dünýä kubogynda medallara mynasyp boldular

Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde 2026-njy ýylyň 11 — 12-nji apreli aralygynda sportuň sambo we söweş sambo görnüşleri boýunça geçirilen Dünýä kubogynda türkmenistanly türgenler üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şol üstünlikleriň hatarynda Lebap welaýatyna wekilçilik edýän türgenleriň gazanan medallary hem aýratyn buýsanç döredýär.
Baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda söweş sambo boýunça 65 kilogram agram derejesinde çykyş eden Farap etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zyba Orunowa kümüş medala eýe boldy. Şeýle hem söweş sambo boýunça 64 kilograma çenli agram derejesinde göreşen Döwletli etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Hakberdi Jumaýew bürünç medal gazanyp, Lebap sambo mekdebiniň halkara ýaryşdaky üstünligini artdyrdy.
Dünýä kubogynda medal gazananlaryň arasynda sambonyň Lebap mekdebiniň başga-da uçurymlary bar. Olardan häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okaýan Kurbanaý Kurbanowa söweş sambosy boýunça 50, Ahmet Tanriberdiýew söweş sambosy boýunça 58 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandylar.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän halaçly türgen Atanyýaz Amangeldiýew bolsa Dünýä kubogynda sport sambosy boýunça medal gazanan ýeke-täk türkmen türgenidir. Ol 88 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.