SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply samboçylar Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda üç medal gazandylar

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda
welaýatymyzyň samboçylary üstünlikli çykyş etdiler. Dünýä ýurtlarynyň 600-den gowrak türgenini bir
ýere jemlän bu çempionatda Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň türgeni Alyhan
Aýdogdyýew öz ussatlygyny subut edip, 58 kilogram agram derejesinde altyn medalyň eýesi boldy.
Gyzlaryň arasynda söweş sambosy boýunça geçirilen ýaryşda bolsa Dänew etrabyndaky 2-nji sport
mekdebiň tälimçisi Aziza Nazarowa (50 kilogram agrama çenli) we Çärjew etrabyndaky 4-nji sport
mekdebiň tälimçisi Zyba Orunowa (59 kilogram agramda) bürünç medallara mynasyp boldular. Ýene-
de ýeňijileriň arasynda ady agzalan ýaş samboçylaryň hatarynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň talyplary Babamyrat Baýramow, Ýusup Taňryberdiýew, Merjen Joraýewa we
Züleýha Hudaýberdiýewa dagy hem sambonyň Lebap mekdebiniň uçurymlarydyr.