SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply samboçy finalyň wagtynyň üýtgedilendigi sebäpli, tutluşyk geçirmän, dünýä çempiony boldy

Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň uçurymy Alyhan Aýdogdyýew sambo boýunça Indoneziýada ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy.
Aýdogdyýew bilen russiýaly türgen Artýom Nesterowyň arasynda 58 kilograma çenli agram derejesindäki final tutluşygy ýerli guramaçylarynyň ýalňyşlygy sebäpli geçirilmedi — guramaçylyk komiteti final tutluşyklarynyň wagtyny bir sagat öňe süýşürip, ähli gatnaşyjylara bu barada habar bermändir. Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow iki türgeni hem ýeňiji hökmünde yglan edip, altyn medal bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu çözgüt milli wekiliýetler tarapyndan goldanyldy.