SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply samboçy dünýä reýtinginiň birinji basgançagyna geçdi

Sambonyň Lebap mekdebiniň uçurymy Ahmet Taňryberdiýew söweş sambosy boýunça dünýä reýtinginiň 58 kilograma çenli agram derejesinde birinji orna çykdy. Halkara Sambo federasiýasynyň täzelenen reýtinginde ol 12 basgançak öňe süýşüp, utuk sanyny 1000-e ýetirdi.
Ahmediň ýakynda Ýerewan şäherinde geçirilen dünýä kubogynda kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Täzelenen reýtingde Ahmet Taňryberdiýew 1000 utuk gazanan ýeke-täk samboçydyr.
Täzelenen sanawda türkmen samboçylarynyň ýene ikisi hem birinji orunda ýerleşdi. Sanjarbek Awezberdiýew 64 kilograma çenli agramda 1400 utuk bilen, Abdylla Nazargeldiýew bolsa 88 kilograma çenli agramda 800 utuk bilen dünýä reýtinginiň başynda barýar.