JEMGYÝET

Lebaply şahyryň döredijiligine bagyşlanan kitap çapdan çykdy

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli il içinde Annadurdy molla-şahyr ady bilen giňden tanalýan Annadurdy Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri» atly kitaby giň okyjylar köpçüligine gowuşdy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen bu kitaby Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew çapa taýýarlapdyr.

Kitap dört bölümden ybarat bolup, onuň «Magtymguly, syrym çohdur…» diýen bölüminde Annadurdy molla-şahyryň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna makala görnüşinde beren çuňňur teswirlemeleri, «Syrly setirleriň çözgütleri» atly ikinji bölüminde halypanyň dana şahyrymyzyň hem-de nusgawy edebiýatymyzyň beýleki wekilleriniň syrly setirlerini şahyranalyk bilen beýan eden garaýyşlary ýerleşdirilipdir.

Okyjylarda uly gyzyklanma döreden bu kitabyň «Älemgoşar» atly üçünji bölüminde A. Eýeberenowyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden, şeýle hem watansöýüjilik, belent ahlaklylyk, öwüt-ündew mazmunly goşgulary, «Halypa hatyrasy» atly soňky bölüminde bolsa, Annadurdy molla-şahyryň bile işleşen, söhbetdeş bolan ildeşlerimiziň, şägirtleriniň halypa bilen baglanyşykly durmuşyň dürli pursatlaryndan söz açýan ýatlamalary ýerleşdirilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: