Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni Aýbölek Mamedowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde çykyş etdi.
Çykyşda Milli Lideriň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine şu ýyl 30 ýyl dolandygy, maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygy bellenildi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagyň bu ugurdaky başlangyçlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär we ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän sagaldyş-dikeldiş, ylmy-kliniki merkezler gurlup ulanmaga berilýär. Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary aýdyň
mysal hökmünde görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna dürli kesellerden ejir çekýän çagalara operasiýalar geçirilýär. Operasiýadan soňky sagaldyş-dikeldiş işleri Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýar. Munuň özi ýaş nesliň saglygy we abadan durmuşy baradaky aladanyň
döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan lukmançylyk serişdelerini öndürýän «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň ähmiýeti bellenildi. A.Mamedowa Gahryman Arkadaga we hormatly Prezidente halkyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi hem-de sözüni
goşgy setirleri bilen jemledi.
Lebaply saglyk işgäri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etdi
20
Sep

