SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply pälwanlaryň ikisi Halkara dzýudo federasiýasynyň ilkinji ýüzlügine düşdi

Bu federasiýanyň täzelenen reýtingine türkmen türgenleriniň üçüsiniň düşüp, olaryň ikisiniň Lebabyň göreş mekdebiniň uçurymlarydyr. Olaryň biri Zulhumar Daşkinowadyr. Ol ýaşlygynda Türkmenabat şäheriniň 4-nji mekdebinde ýokary derejeli tälimçi Baýram Halylaýewden tälim aldy. Zulhumar häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talybydyr. Ol ýokarda ady agzalan federasiýanyň reýtinginde 63 kilograma çenli agram derejesinde 409 bal bilen 4-nji orny eýeleýär. 4-nji sport mekdebiniň ýene bir uçurymy, häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Hakberdi Jumaýew hem 60 kilograma çenli agram derejesinde 471 bal toplap, 74-nji orna düşdi. Bu netijeler ildeşlerimize geljek ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: