Daşoguz şäherindäki köpugurly sport toplumynda 2008, 2009, 2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda türkmen milli göreşi we guşakly alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Guşakly göreş görnüşleri federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşda ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen ýaş pälwanlar güýç synanyşdylar.
Ýaryşda Lebap welaýatynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen milli göreşi boýunça Salyh Alymow 60 kilogram agram derejesinde ýeňiş gazanyp, birinji orna mynasyp boldy. Guşakly alyş göreşi boýunça zenan türgenleriň arasynda bolsa lebaply pälwanlar has-da tapawutlandylar. Roza Arslanowa 44 kilogram, Maýa Italmazowa 52 kilogram, Käkilik Mekanowa 57 kilogram agram derejelerinde Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijileri boldular.
Bu üstünlikler Lebap welaýatynda milli sport görnüşleriniň, şol sanda türkmen milli göreşiniň we guşakly alyş göreşiniň ýaşlaryň arasynda giňden ösdürilýändigini görkezýär. Ýaryş ýaş pälwanlaryň ussatlygyny artdyrmak, tejribe toplamak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Lebaply pälwanlar Türkmenistanyň birinjiliginde üstünlikli çykyş etdiler
13
May

