SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply pälwanlar Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda iki medal gazandylar

Hindistanyň Puna şäherinde kuraş göreşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda Lebap welaýatynyň pälwan zenanlary baýrakly orunlaryň ikisini eýelediler.

Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýnur Amanowa bürünç medala mynasyp boldy. Ol 52 kilograma çenli agram derejesinde çykdy.

Çärjew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýdarowa bolsa kümüş medal gazandy. Ol 48 kilograma çenli agram derejesinde çykdy we finala çenli geçiren tutluşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazandy.

Bu dünýä çempionatynda türkmenistanly türgenler bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziza Kurbanowanyň bürünç medalyň eýesi bolandygy barada düýn habar beripdik.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: