SPORT WE SYÝAHAT

Lebaply pälwanlar Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmen milli göreşi we alyş boýunça Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa lebaply pälwanlar hem gatnaşýarlar. Olar ýaryşda baýrakly orunlara eýe bolup, Watanymyzyň sport abraýyna goşant goşmagy maksat edinýärler.
Türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlarda Saýat etrabynyň 56-njy orta mekdebiniň okuwçysy Pälwan Akmyradowyň çykyşyna tomaşa edip bileris. 16-njy aprelde 18 ýaşyny doludran türgen geçen ýyl milli göreş boýunça ýurdumyzyň çempiony bolupdy. Pälwan halkara ýaryşa 68 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşýar.
Alyş göreşi boýunça geçiriljek ýaryşlarda zenanlar ýygyndymyzyň hatarynda lebaply pälwan gyzlaryň üçüsi bar. Olar häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan Aýmeňli Kerimowa, Kamila Pardaýewa we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Aýnura Faýzullaýewadyr. Ýurdumyzyň geljekki tälimçileri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň 3-nji ýylynda okaýan Aýmeňli halkara ýaryşda 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eder. 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen Dünýä kubogynda bürünç medala mynasyp bolan Aýmeňliniň bu ýaryşda hem öňdäki orunlaryň birini eýelemek mümkinçiligi ýokary.
Köýtendagyň ajaýyp tebigatynda önüp-ösen Kamilanyň göreşiň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň ençemesine gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda bolsa ol 2023-nji ýylda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykypdy. Kamila Pardaýewa paýtagtymyzdaky halkara ýaryşda 65 kilograma çenli agram derejesine wekilçilik edýär.
Nebitgazçylaryň halkara derejeli ýokary okuw mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Aýnur Gaýzullaýewa hem göreşiň Lebap mekdebiniň iň parlak uçurymlarynyň biri. Halkara ýaryşda Kamila Pardaýewa bilen bir agram derejesine wekilçilik edýän Aýnuranyň hem halkara derejeli üstünlikleri seýrek däl. Şolaryň hatarynda onuň hem alyş göreşi boýunça 2023-nji ýylda Özbegistanda geçirilen Aziýanyň çempionatynda üçünji orny eýeländigini aýtmak ýakymlydyr. Aýnura göreşiň beýleki görnüşleri boýunça hem halkara ýaryşlaryň ýeňijisi.
Halkara ýaryşda türkmen milli göreşi boýunça tutluşyklar düýn geçirildi. Şu gün bolsa alyş göreşi boýunça pälwanlarymyz ýaryş düşekçesine çykarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: