BILIM

Lebaply okuwçylaryň bir topary halkara bäsleşiklere gatnaşar

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatda geçirilen taýýarlyk okuwlaryna Lebap welaýatyndan saýlanyp alnan 8 — 12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Okuwlara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen okuwçylar hem çekildi.
Taýýarlyk sapaklarynda fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa we astronomiýa dersleri boýunça okuwlar alnyp baryldy. Okuwlaryň dowamynda molekulýar biologik hadysalar, genetika, fiziologiýa, himiýa boýunça hasaplamalar we tejribeler, şeýle hem geografiýa degişli kartografiki maglumatlar öwredildi.
Okuwlaryň çäklerinde okuwçylar paýtagtymyzyň muzeýlerine we taryhy ýadygärliklerine gezelenç etdiler. Geçirilen taýýarlyk okuwlarynyň netijesinde Lebap welaýatyndan gatnaşan okuwçylaryň halkara olimpiadalarda çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.